| Ashgabat | 29°C
Jemgyýet 06.09.2026, 15:15 2

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby niderland diline terjime edildi

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby niderland diline terjime edildi

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän ahalteke atlarynyň gözellik we atçylyk sportunyň dünýä çempionatynyň çäginde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň dabaraly tanyşdyrylyşy boldy.

Çäre Wenraý şäherindäki «Asteriýa» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň hem-de Ýewropanyň ylmy jemgyýetçiliginiň, atçylyk edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Bütindünýä atçylyk sport çempionatynyň çäginde Gahryman Arkadagyň kitabynyň niderland dilinde çap edilip çykarylmagy, Ýewropa yklymynda türkmen bedewleriniň hormatyna geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!