Kelwin Herris Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Şotlandiýaly dijeý we aýdym-saz prodýuseri Kelwin Harris bir artistiň geçiren DJ çykyşyna iň köp tomaşaçynyň gatnaşmagy boýunça täze rekord bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Onuň Braziliýanyň San-Paulu şäherindäki konsertine 1,6 million töweregi adam bardy. Konsert fewral aýynda geçirilipdi, emma rekord diňe indi resmi taýdan tassyklandy.
Tomaşaçylaryň sanynyň köplügi sebäpli konsert wagty şäheriň käbir köçelerini wagtlaýyn ýapmaly bolupdyr.
Howanyň aşa yssylygy zerarly käbir tomaşaçylar huşundan gidipdir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!