Türkmenistanda ýakyn wagtda haýsy saglyk edaralary gurlar?
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbi tutular.
Şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmak meýilleşdirilýär.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda belledi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!