«Anyk habarda» hepdäniň jemi!
-
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1054 raýatyň günäsi geçildi.
-
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, Wepa Hajiýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine, şeýle-de Ylýas Gaýypow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Gana Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
-
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy.
-
Indi «Çebşek» dermanhanasynyň telefon belgilerine «imo» ýa-da «link» programmalary arkaly dermanlaryň suratyny ugratsaňyz, olar Size bahasyny hasaplap yzyna ugradýarlar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!