IT bilen gyzyklanýarsyňyzmy? Onda Siz «RuCode» olimpiadasynda başarnyklaryňyzy synap bilersiňiz
Türkmenistanda «RuCode 2026» algoritmli programmirleme boýunça halkara olimpiadasynyň saýlama tapgyry geçiriler. Bäsleşik 18-nji oktýabrda geçirilip, oňa mekdep okuwçylary, talyplar e IT-hünärmenler ýekelikde ýa-da üç adama çenli bolan toparlarda gatnaşyp bilerler.
Gatnaşyjylar taýýarlyk derejesine görä A–B, C–D we E–F ýaly toparlara bölünerler.
A–B toparlary — milli we halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara eýe bolan tejribeli programmistler üçin;
C–D toparlary — binýatlyk algoritmleri bilýän we ukyplaryny ösdürmek isleýänler üçin;
E–F toparlary — täze başlaýanlar üçin.
Guramaçylar orunlaryň sanynyň çäklidigi sebäpli, ýüztutmalary öňünden ýollamagy maslahat berýärler. Isleg bildirýänler aşakdaky saýtda hasaba durup bilerler.
rucode.net/gx71
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!