| Ashgabat | 34°C
Dünýaden 01.09.2026, 14:10 4

Puşkin instituty we «Rus dünýäsi» gaznasy daşary ýurtly rus dili mugallymlary üçin hünär ussatlygy boýunça halkara bäsleşik geçirýär

Puşkin instituty we «Rus dünýäsi» gaznasy daşary ýurtly rus dili mugallymlary üçin hünär ussatlygy boýunça halkara bäsleşik geçirýär

Puşkin instituty we «Rus dünýäsi» gaznasy daşary ýurtly rus dili mugallymlary üçin hünär ussatlygy boýunça halkara bäsleşik geçirýär.

Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Onlaýn tapgyr şu ýylyň sentýabr – oktýabr aýlarynda, final tapgyry bolsa Moskwada 15–21-nji noýabr aralygynda ýüzbe-ýüz görnüşde bolar.

Guramaçylyk komiteti finalçylaryň ýol, ýaşamak, iýmitlenmek we wiza goldawy harajatlaryny öz üstüne alar. Ýeňijiler diplomlara we Moskwada geçiriljek VII Kostomarow forumyna mugt gatnaşmak hukugyna eýe bolar. Baýrakly orunlary eýelänler bolsa diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin «Образование на русском» portalynda hasaba durmaly. Şol sahypadaky anketany 15-nji sentýabrda Moskwa wagty bilen sagat 23:59-a çenli doldurmaly.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!