Moskwada mugt okasyňyz gelýärmi? Onda bu mümkinçilik Siz üçin
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda halkara mekdep olimpiadasynyň bäşinji, ýubileý möwsümine gatnaşyjylary bellige almak başlandy.
Bu daşary döwletleriň ýokary synp okuwçylaryna Russiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birine tölegsiz okuwa girmäge mümkinçilik berer.
Zehin bäsleşigi rus dili, iňlis dili, geografiýa, umumy dünýä taryhy we halkara gatnaşyklary ugurlary boýunça bilimleri barlamagy öz içine alýar.
Olimpiada iki tapgyrda geçiriler. Arzalary kabul etmek 31-nji oktýabra çenli ekranda görkezilen internet sahypasy arkaly amala aşyrylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!