Fýuri bilen Joşua dekabrda ringe çykar
Agyr agramda öňki dünýä çempionlary, britaniýaly boksçylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşuanyň arasyndaky köpden bäri garaşylýan söweşiň geçiriljek senesi we ýeri resmi taýdan yglan edildi.
Tutluşyk 2026-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Welsdäki Kardiff şäherinde, «Millenium» arenasynda geçiriler.
Fýuri bilen Joşuanyň tutluşygyny eýýäm ençeme ýyl bäri geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma olaryň arasyndaky söweş birnäçe gezek yza süýşürildi.
Iki britaniýaly boksçy hem agyr agramda esasy çempionlyk atlaryna eýe bolup görseler-de, professional ringde heniz biri-birine garşy çykyş etmändiler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!