Ýurdumyzyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
Şu ýylyň 7–9-njy sentýabry aralygynda Dubaýyň Halkara söwda merkezinde «AIM Congress 2026» atly XV Kongres geçirildi.
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri girdi.
Kongresiň çäklerinde maliýe institutlarynyň, kompaniýalaryň we maýa goýumlary çekmek boýunça agentlikleriň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!