| Ashgabat | 24°C
Syýasat 10.09.2026, 18:36 1

Halkara kosmos sammitine ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşýar

Halkara kosmos sammitine ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşýar
Фото: https://mfa.gov.tm/

Pariž şäherindäki «Grand Palais» toplumynda ilkinji Halkara kosmos sammiti öz işine başlady.

Oňa Türkmenistan bilen bir hatarda döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, kosmos senagatynyň, ylmy we maýa goýum toparlarynyň 2 000-e golaý wekili gatnaşýar.

Çäräniň ilkinji gününde geçirilen panel ara alyp maslahatlaşmalarynda we ugurdaş mejlislerde kosmos infrastrukturasyny we senagatyny ösdürmek, kosmos tehnologiýalaryna elýeterliligi giňeltmek, emeli aňy we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem kosmosy öwrenmek, Ýere we ummanlara gözegçilik etmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara kosmos sammitiniň işi dowam edýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!