Bentley 230 Torcal krossowerini hödürledi
Bentley kompaniýasy Torcal elektrokrossowerini köpçülige hödürledi.
Modeliň iň kuwwatly S görnüşi 1350 Nm-e we 888 at güýjüne eýe bolup, ol 100 km/sag tizlige 2,9 sekuntda çykýar hem-de WLTP boýunça 600 kilometre çenli ýol geçmäge ukyplydyr.
Modeliň başlangyç bahasy, takmynan, 230 müň dollar. Krossower doly işjeň asma ulgamy we uýgunlaşýan, iki klapanly amortizatorlar bilen üpjün edildi.
Amortizatorlaryň her biri ýol şertlerine hem-de sürüjiniň hereketlerine aýratynlykda jogap berýär. Bu adaty kese durnuklaşdyryjylary ulanyşdan aýyrmaga ýardam berdi.
Doly dolandyrylýan şassi bolsa yzky tigirleri 50-a çenli öwürýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!