| Ashgabat | 31°C
Ykdysadyýet 24.09.2026, 14:06 4

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

23-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegini üpjün etmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany şu ýyl Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!