| Ashgabat | 35°C
Hepdäniň jemi 19.09.2026, 15:27 1

«Anyk habarda» hepdäniň jemi!

«Anyk habarda» hepdäniň jemi!
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, bellenilen möhletlerde gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.
  • Arkadag şäheriniň çäklerinde birnäçe maşgalalary Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli täze bina edilen ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek meýilleşdirilýär.
  • Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentine Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!

Şeýle hem okaň