Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Saud Arabystanynyň Ilçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!