| Ashgabat | 34°C
Medeniýet 31.08.2026, 13:19 5

Mukamlar köşgünde maslahat geçirildi

Mukamlar köşgünde maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahat geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli göz öňünde tutulýan çärelerde milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän toý dessurlaryny ýaýbaňlandyrmagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Çykyşlarda atçylyk toplumynda geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda türkmen milli toý dessurlary bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, olary giňden wagyz etmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp beýan etmegiň medeniýet toplumynyň işgärleriniň paýyna düşýändigi bellenilip, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryny we hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini, berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirip, bildirilen ynamy ödemekde olara uly üstünlikler arzuw edildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!