| Ashgabat | 40°C
Bilim 29.08.2026, 09:20 6

Türkmenistanda täze bilim ojaklary açylar

Türkmenistanda täze bilim ojaklary açylar

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Bilimler güni Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagynyň, Lebap welaýatynda bolsa hersi 1 müň orunlyk iki orta mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylmagy meýilleşdirilýär.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!