Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde saglyk şäherçesini gurmak meýilleşdirilýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de bu künjekde häzirki zaman saglyk merkezleriniň emele gelendigini aýdyp, bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etmek babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Aşgabadyň günorta künjeginde döwrebap saglyk merkezlerinden ybarat bolan özboluşly saglyk şäherçesiniň döredilendigini aýdyp, lukman Arkadag bu ýerde-de häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelýän saglyk şäherçesiniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!