Ýurdumyzda owganystanly talyplaryň sany artdyrylar
Türkmenistanda owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Bu barada 10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Owganystana iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde beýan edildi.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!