| Ashgabat | 39°C
Jemgyýet 12.08.2026, 17:26 4

Lebap welaýatynda Halk Maslahatynyň taryhy we syýasy ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebap welaýatynda Halk Maslahatynyň taryhy we syýasy ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi
Фото: https://medeniyet.gov.tm/

Lebap welaýatynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Maslahaty welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Lebap welaýatynyň döwlet arhiwi bilelikde guradylar.

Çärede ýokary wekilçilikli edaranyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm orny hem-de halkyň agzybirligini berkitmekdäki wajyplygy barada giňişleýin durlup geçildi.

Maslahatyň ahyrynda milli medeniýeti, baý edebi mirasy wagyz etmäge we ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!