Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi
15-nji awgustda Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Bu toý sadakasy täze şäheriň täze metjidiniň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylyp, hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna bagyşlandy.
Arkadag şäherindäki «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezinde berlen toý sadakasyna gelenler bu ýerde görnükli ýerleşdirilen, täze metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamany ýüzlerine syldylar. Sadaka gatnaşyjylara, däp bolşy ýaly, dürli milli tagamlar hödür edildi.
Duz-tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp, «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ynsanperwer ýörelgeleriň merkezine öwrülmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi hem-de Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde hemişe üstünlikleriň ýar bolmagy dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşan ýaşulular bu ýerden Gökdepe metjidine ugradylar. Olar bu mukaddes ýerde uly sogaply juma namazyny okadylar. Toý sadakasyndaky iň päk we ýagşy arzuw-dilegler juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ol ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrundaky tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!