Çärjew hem-de Farap etraplarynda täze orta mekdepler ulanylmaga beriler
Täze okuw ýylynyň bosagasynda Çärjew hem-de Farap etraplarynda döwrebap orta mekdepleriň 2-si dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga beriler.
Häzirki wagtda Lebap welaýaty boýunça orta mekdepleriň 393-si, kömekçi mekdep-internatlarynyň 3-si, çagalar baglarynyň 284-si hem-de welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edýär. Täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek maksady bilen bu edaralaryň ählisinde ýeňil abatlaýyş, arassaçylyk we daş-töwerekleri abadanlaşdyrmak işleri talabalaýyk geçirildi.
Bu barada «Türkmen gündogary» gazetiniň 13-nji awgust sanynda çap edilen makalada habar berildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!