Aşgabatda «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy açyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralýan giň gerimli sergi-ýarmarkasynda çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň sergi-ýarmarka gatnaşyjylara ýollan Gutlagynyň okalmagy bilen başlanan çäräniň açylyş dabarasy ajaýyp aýdym-sazlara beslendi.
Serginiň ilkinji gününde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň diwarlyklary bu ýere gelýänleriň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Olaryň öndürýän önümleriniň görnüşlere baýdygy hususy pudagyň ägirt uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň beýanyna öwrülýär.
Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda çagalar üçin dürli önümleriň satuwyny amala aşyrmaga ýöriteleşen iri söwda platformalary we internet dükanlary hem bar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!