Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» sergisi öz işine başlaýar
Ertir 19-njy awgustda Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly Halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlaýar. Giň gerimli çärede ýerli we daşary ýurt kompaniýalarydyr guramalaryny öz içine alýan 100-den gowrak sergä gatnaşyjy öz diwarlyklary bilen çykyş eder.
Sergide myhmanlar üçin dürli döredijilik we amaly ussatlyk sapaklaryny, interaktiw oýunlary, şowhunly şüweleňleri, şeýle hem köp sanly gyzykly we öwrediji zolaklary öz içine alýan baý maksatnama taýýarlanyldy. Çagalar senagatynyň dürli ugurlaryna degişli brendler öz önümlerini köpçülige hödürlärler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!