Belarus Senagat forumyna gatnaşmaga ýurdumyzyň telekeçileri çagyrylýar
Türkmen telekeçileri şu ýylyň 14–16-njy oktýabry aralygynda Minsk şäherinde geçiriljek Belarus Senagat forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Forum senagat inženerçiligi üçin enjamlar we hyzmatlar, kebşirlemek we kesmek üçin tehnologiýalar, himiýa we nebit-gaz senagaty, polimerler we kompozitler, barlaghana we ölçeg çözgütleri, şeýle hem senagat üçin sanly tehnologiýalar we çözgütler boýunça alty pudaklaýyn sergini öz içine alýar.
Bu forum döwlet, senagat we telekeçilik wekilleriniň arasynda göni dialog üçin meýdança hökmünde çykyş eder.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!