| Ashgabat | 38°C
Bilim 10.08.2026, 14:15 4

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Londonda geçirilen «iWISE Global Final London 2026» atly halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Londonda geçirilen «iWISE Global Final London 2026» atly halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler
Фото: https://turkmenistan.gov.tm/

Şu ýylyň 2–7-nji awgusty aralygynda Londonda geçirilen «iWISE Global Final London 2026» atly halkara bäsleşiginde Türkmenistanly 10 mekdep okuwçysy üstünlikli çykyş etdiler. Ýurdumyzda wekilçilik eden topar jemi 10 medal — 6 altyn we 4 kümüş medal gazandy.

Altyn medallara Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew we Resul Geldiýew, Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Selim Begmyradow, Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Nurmurat Kulow, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Malikmyrat Annamyradow mynasyp boldular.

Kümüş medallara bolsa Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Salyh Altyýew, Aşgabat şäheriniň 13-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Rozymyrat Ýagşymyradow, Arkadag şäheriniň 3-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Ebubekir Berdiýew we Arkadag şäheriniň 2-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Umyt Atamyradow mynasyp boldular.

Türkmenistanyň bäş wekili taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezip, «Iň gowularyň gowusy» («Best of the Best») diýen hormatly ada mynasyp boldular we ýörite pul baýraklary bilen sylaglandylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!