| Ashgabat | 36°C
Jemgyýet 14.08.2026, 18:58 7

Türkmen wekiliýeti Şanhaýda geçiriljek halkara import sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

Türkmen wekiliýeti Şanhaýda geçiriljek halkara import sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meýilnamasyna garaldy.

Şeýle-de taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýenilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!