| Ashgabat | 39°C
Jemgyýet 11.08.2026, 14:07 11

«Türkmenpoçtada» halkara onlaýn söwda mümkinçilikleriniň gerimi giňelýär

«Türkmenpoçtada» halkara onlaýn söwda mümkinçilikleriniň gerimi giňelýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy işjeň dowam etdirýär.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky döwürde daşary ýurtlaryň «Omniva», «Amazon», «eBay», «AliExpress», «Rakuten», «Wildberries», «Adex», «Internet reşeniýa» ýaly iri internet-söwda meýdançalaryndan, internet dükanlaryndan satyn alnan harytlaryň Türkmenistana iberilmegini guraýar.

Şeýle-de «Türkmenpoçta» PAK «TMDrops» logistika gullugy bilen hyzmataşlygy ýola goýup, ýurdumyzyň ýaşaýjylary üçin halkara onlaýn söwda mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi.

Bu hyzmat ulanyjylara ABŞ-da hem-de Italiýa we Gresiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda şahsy wirtual salgylary hödürleýär.

Hasaba durlandan soň, müşderä internet-dükanynda sargyt resmileşdirilende ulanyp biljek aýratyn daşary ýurt salgysy we şahsy identifikatory berilýär.

Harytlary eltip bermegiň ortaça möhleti ABŞ-dan 10 günden 20 güne çenli, Ýewropa ýurtlaryndan bolsa 7 günden 14 güne çenli wagt alýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!