| Ashgabat | 38°C
Syýasat 24.08.2026, 15:00 7

Türkmenistan we Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan we Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda maglumat tehnologiýalary ulgamynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!