| Ashgabat | 28°C
Sport 21.08.2026, 18:52 4

Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň Superkubogynyň eýesi boldy

Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň Superkubogynyň eýesi boldy

25 ýaşly ýarymgoragçy Teýmur Çaryýewiň çykyş edýän «Bars» futbol kluby aýgytly duşuşykda Bişkegiň «Dordoý» toparyny 2:0 hasabynda ýeňmek bilen möwsümiň ilkinji kubogyny gazandy.

Teýmur Çaryýew duşuşyga esasy düzümde başlady we ýardam pasyny berip, toparynyň ýeňşine saldamly goşant goşdy. Ýeri gelende bellesek, Teýmur Çaryýew häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy ýarymgoragçylarynyň biridir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!