«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň 2026/27-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary mälim edildi
Bije çekişligiň netijesinde, «Arkadag» topary B toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» klublary bilen bilelikde çykyş eder.
Türkmen kluby esasy tapgyra saýlama duşuşygynyň üsti bilen çykdy. 12-nji awgustda «Arkadag» topary öz meýdançasynda Hindistanyň «Goa» klubyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip, Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýeňlişe sezewar bolan «Goa» bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş eder.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!