| Ashgabat | 38°C
Sport 13.08.2026, 18:58 5

Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebi okuwa kabul edýär

Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebi okuwa kabul edýär

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebi 2019-njy ýylda doglan çagalary okuwa kabul etmek üçin saýlap alyş işini geçirýändigini habar berdi.

Saýlap alyş işi şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sagat 08:00 – 11:00 aralygynda «Aşgabat» stadionynda geçiriler we oňa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.

Dalaşgärler ýanlary bilen sport geýimini, çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesini we 1 sany 3х4 ölçegdäki fotosuraty getirmeli bolarlar.

Habarlaşmak üçin aşakdaly telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Tel: +99365 04-92-48

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!