«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry boldy
«Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.
Netijelerine görä, aýdymçylaryň ikisi — Mary şäheriniň «Margiana» medeniýet köşgüniň höwesjeň aýdymçysy Uzukjemal Pälwanowa hem-de Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň höwesjeň aýdymçysy Mähri Akmyradowa ýeňiji diýlip yglan edildi.
Şeýlelikde, olar «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!