Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Ýakynda Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi. Sanly ulgam arkaly duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda gurnaldy.
Çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçy düzümleri we hünärmenleri gatnaşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek barada pikir alyşyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!