«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriň arasynda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen uniwersitetde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň rektory Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetleri, kafedralary we onda bilim berilýän hünärler, taýýarlygyň ugurlary hem-de uniwersitetiň ýeten sepgitleri bilen duşuşyga gatnaşyjylary tanyşdyrdy.
«PETRONAS» kompaniýasynyň Bilim we adam kapitalyna maýa goýumlary boýunça Baş direktory Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!