Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ýurdumyzda diplomatik missiýasyny tamamlaýan Fransiýanyň ilçisi diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berlen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!