«Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň wekiliýetiniň resmi saparyna gabatlanyp, bilim ulgamynda alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyşyň çäklerinde iki ýurduň degişli edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda netijeli duşuşyk geçirildi.
Çykyşlaryň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň hem-de talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wajypdygy bellenildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!