Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşygy geçirdi.
Duşuşykda şu ýylyň 14— 16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetleriniň 16-njy mejlisine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça taslamalar barada hem pikir alşyldy diýlip, ilçihananyň habarynda bellenilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!