| Ashgabat | 35°C
Medeniýet 22.08.2026, 17:51 4

«Gündogaryň ýüregi» atly konsert geçiriler

«Gündogaryň ýüregi» atly konsert geçiriler

29-njy awgustda Aşgabat şäherinde «Owaz» orkestriniň ýerine ýetirmegindäki «Gündogaryň ýüregi» atly konsert maksatnamasy guralar. Onuň dowamynda diňleýjilere Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ermenistanyň ajaýyp medeniýetlerini, şeýle hem Arabystan Gündogarynyň owazlaryny özünde jemleýän sazlar garaşýar.

Konsert «Watan» kinokonsert merkezinde geçirilip, sagat 19:00-da başlanar. Petekleri sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

+993-62-82-28-27
+993-61-18-60-49

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!