| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 17.08.2026, 18:19 44

iPhone X smartfony indi könelenleriň hatarynda

iPhone X smartfony indi könelenleriň hatarynda

Apple kompaniýasy iPhone X smartfonyny möhleti geçen önümleriň kategoriýasyna goşdy. Şol sanawa 2018-nji ýylyň 15 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugy hem girdi.

Indi ussahanalar öndürijiden enjamyň ätiýaçlyk şaýlaryny sargyt edip bilmeýär. iPhone X üçin programma üpjünçiliginiň soňky täzelenmesi iOS 16.7.16 boldy. 2018-nji ýylyň 15 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugy üçin bolsa soňky täzelenme macOS 15.7.7 boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!