| Ashgabat | 38°C
Sport 24.08.2026, 18:29 5

Ýurdymyzyň ýygyndysy futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna taýýarlyga başlady

Ýurdymyzyň ýygyndysy futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna taýýarlyga başlady

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna taýýarlyk görüp başlady. Türkmen milli ýygyndysy türgenleşik okuw-ýygnanyşygyny Taýlandda geçirýär.

Saýlama ýaryşy 31-nji awgustda başlanýar. Türkmenistanyň ýygyndysy F toparçasynda Yragyň, Tailandyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary bilen bäsleşer.

Has takygy, 31-nji awgustda – Yrak – Türkmenistan, 3-nji sentýabrda – Türkmenistan – Taýland we 6-njy sentýabrda – Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan oýunlary bolar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!