| Ashgabat | 42°C
Jemgyýet 18.08.2026, 16:35 7

Oktýabrdan Aşgabat–Stambul howa gatnawlarynyň sany artdyrylar

Oktýabrdan Aşgabat–Stambul howa gatnawlarynyň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan Aşgabatdan Stambula amala aşyrylýan uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 12-den 13-e çenli artdyrar. Ýagny çarşenbe güni goşmaça gatnaw ýola goýlar.

Häzirki wagtda bu ugur boýunça uçuşlar hepdäniň alty güni — duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar. 25-nji oktýabrdan uçuşlaryň tertibine çarşenbe güni hem bir gatnaw goşular.

Netijede, Aşgabat–Stambul ugry boýunça uçuşlar indi her gün amala aşyrylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!