| Ashgabat | 42°C
Sport 18.08.2026, 16:41 7

Rodri «Barselona» geçdi

Rodri «Barselona» geçdi

Futbol boýunça Dünýäniň we Ýewropanyň çempiony, ispaniýaly ýarymgoragçy Rodri «Barselona» geçdi. Rodri ozal «Wilýarrealyň», «Atletikonyň» we «Mançester Sitiniň» düzüminde çykyş etdi.

Ol iňlis klubynyň düzüminde Çempionlar ligasyny hem goşmak bilen, milli we halkara ýaryşlarda ençeme kuboklara mynasyp boldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Rodri dünýä çempiony, Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda ol «France Football» neşiriniň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!