| Ashgabat | 28°C
Syýasat 09.08.2026, 17:01 1

Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy

Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy işler boýunça orunbasary Ellison M. Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygyna Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew hem gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar işewürlik gatnaşyklaryny, möhüm minerallar, emeli aň we sanlylaşdyrma ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dowamly dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti tassyklanyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!