| Ashgabat | 38°C
Syýasat 28.08.2026, 12:12 6

Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele hem-de Premýer-ministri Balendra Şaha ýurduň demirgazyk sebitlerinde emele gelen suw joşgunlarynyň we süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!