Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň onuň üçin hormatdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!