Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş arzuw etdi.
Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!