Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Li Çže Mýona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!