Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!