Türkmenistanyň Prezidenti Singapuryň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň ähli halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tarman Şanmugaratnama we Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!