Gümrük ulgamynyň wekili Malaýziýada saparda boldy
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili ilkinji gezek Malaýziýanyň Melaka şäherindäki Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük akademiýasynda geçirilen «International Course for Senior Officer of Customs on Narcotics Identification and Narcotics Law Enforcement» atly halkara okuwyna gatnaşdy.
Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde guralan okuwyň dowamynda neşe serişdelerini ýüze çykarmak we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak, profilleşdirmek, derňew geçirmek hem-de gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda tejribe alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Şeýle-de Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük gullugynyň iş tejribesi, halkara howa menzilinde we deňiz portlarynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy bilen tanyşyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!